Sag başym — soltan başym

1 Maý 2024
737

Ýaz paslynyň gelmegi bilen kömelekden taýýarlanylan tagamlar saçaklarymyza dolýar. Ýöne kömelekleriň dürli görnüşleri bolup, olar adam üçin zäherli we zähersiz toparlara bölünýär. Zäherli kömelekleriň sütünjigi uzyn, telpekleriniň aşagyndaky gasynlar biri-birinden açyk we ýazgyndyr, onuň göbegi bolsa edil keýigokaranyň baldagynyň okarajykdan çykyşy ýaly, okarajykdan çykýar. Reňki çal-gür ak, şikeslenen, mynjyran, telpejigi epilen, garalan we içi goňur tegmillerden doly kömelek iýmäge ýaramsyzdyr.

Iň howply zäherlenme kömelek zäherlenmesidir. Muňa iki ýagdaý sebäp bolup bilýär, ýagny zäherli kömelegiň iýilmegi, iýilýän kömelegiň nädogry taýýarlanylmagy.

Abdyseýit MÄMETGYLYJOW,
Şabat etrap Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar