«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024
Bedew bady bilen öňe barýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesi bilen her günümiz şanly wakalara beslenýär. Durmuşyň esasy ugurlary sagdyn durmuş bilen baglanyşdyrylýar. Ýurtda alnyp barylýan döwlet ähmiýetli işleriň baş taglymaty hökmünde sagdynlyk, bagtyýarlyk we dostluk durmuşa geçýän maksatnamalarda halkyň gyzgyn goldawy bilen amala aşyrylýar. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň tutuş dowamynda geçirilýän dürli görnüşli sport ýaryşlary, ylmy-amaly maslahatlar we sergi ýurdumyzda ynsan saglygynyň aladasynyň edilýändiginden, bedenterbiýä we sporta aýratyn hormat goýulýandygyndan nyşandyr.