«Zerur wagty dost kömegi — baharyň açylan güli»

9 Fewral 2024
747

Türkmen halkynda «Alysdaky garyndaşdan, ýakyndaky goňşy ýagşy», «Kyýamat güni goňşudan» diýen ýörgünli pähimler bar. Şu sözlere berk eýeren ata-babalarymyz hemişe il bilen bolmagy, birek-birege kömek etmegi, begenen gününde şatlygyny, dertli gününde derdini paýlaşmagy ýaşaýşyň ýörelgesi, mertebäniň mizan terezisi hasaplap gelipdirler. Halkymyzyň şeýle asylly ýörelgeleri bu günki gün döwlet syýasaty derejesinde has-da rowaçlanýar. Biz bu hakykata golaýda Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlar nazara alnyp, hormatly Prezidentimiziň degişli Buýrugy esasynda 2 müň tonna suwuklandyrylan gazyň gyrgyz halkyna dost-doganlyk kömegi hökmünde iberilmeginiň mysalynda ýene bir ýola göz ýetirdik.

Öz wagtynda ugradylan ynsanperwerlik ýüki gyrgyz topragyna baryp ýetenden soňra, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, berlen goldaw üçin doganlyk halkyň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. 7-nji fewralda bolsa dostlukly ýurduň Türkmenistandaky ilçihanasynda şunuň bilen bagly brifing geçirildi.

Beýleki habarlar