Gadymy we gadyrly gatnaşyklaryň dowamy

6 Fewral 2024
1009

Düýn Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň we dostlukly ýurduň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabara iki dostlukly ýurduň medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdylar. Parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagynda, iki halkyň ynsanperwer gatnaşyklarynyň giňeldilmeginde bu döredijilik çäresiniň ähmiýeti uly boldy. Dabaranyň dowamynda nusgawy hem-de häzirki zaman hytaý aýdym-sazlary, tans we döredijilik çykyşlarynyň onlarçasy ýerine ýetirilip, onda hytaý halkynyň taryhy däp-dessurlary şöhlelendirildi. Owadan egin-eşikler, milli aýdym-sazlar tomaşaçylara Hytaýyň gadymy hem-de häzirki zaman ruhuny duýmaga mümkinçilik berdi. Zehinli tansçylar çykyşlaryň dowamynda maşk usullaryny, çylşyrymly hereketleri ussatlarça ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylar çykyşlary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. «Täze dünýä» atly aýdyşyk aýdymy, «Ebedi dostluk» we «Şatlykly Hytaý Täze ýyly» tans çykyşlary tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy. Biz hem dabara gatnaşan käbir myhmanlaryň çykyşlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Kýu ÝU,
Hytaý sungat toparynyň iş dolandyryjysy:

Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby. Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.
Beýleki habarlar