Ekosyýahatçylyga gyzyklanma köp

26 Mart 2023
1167

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutanlygynda döw­le­ti­mi­ziň äh­li ul­gam­la­ryn­da kö­pu­gur­ly öz­gert­me­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­şi­ril­ýär. Ama­la aşy­ryl­ýan yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýän ugur bo­lan sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň işi­ni tä­ze­çe, döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk we ony ösen döw­let­le­riň tej­ri­be­si­ne eýe­rip, yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­me­gi ta­lap ed­ýär. Dün­ýä ýurt­la­ry­nyň tej­ri­be­sin­de sy­ýa­hat­çy­ly­gy­ň dür­li gör­nüş­le­ri bar­dyr. Ola­ra ta­ry­hy, me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­re sy­ýa­hat, şy­pa­ha­na­la­ra sy­ýa­hat, ynam-ygtykat sy­ýa­haty, eko­sy­ýa­hat, dag-çöl landş­af­ty­na, te­bi­gy ýa­dy­gär­lik­le­re sy­ýa­hat de­giş­li­dir.

Eko­sy­ýa­hat­çy­lyk hem uly gyzyklanma bildirilýän ugurdyr. Dag ýe­rin­de da­gy, çöl ýe­rin­de çö­li, der­ýa­sy, deň­zi bo­lan Türk­me­nis­tan te­bi­ga­tyň bir­nä­çe aja­ýyp­lyk­la­ry­ny özün­de jem­le­ýär. Re­pe­tek go­rag­ha­na­syn­da Ga­ra­gum sährasynyň tä­sin ýer­le­ri hem-de bios­fe­ra de­re­je­si­ne eýe bo­lan sazak to­kaý­lyk­la­ry go­ra­lyp sak­lan­ýar. Bat­hyz go­rag­ha­na­sy özü­niň pis­se bag­la­ry we tä­sin Ýe­roý­lan­duz çö­ket­li­gi, seý­rek duş gel­ýän haý­wa­nat dün­ýä­si bi­len, Ha­zar go­rag­ha­na­sy özü­niň gö­zel de­ňiz te­bi­ga­ty hem-de guşlary bi­len meş­hur­dyr. Şeý­le-de, ýur­du­my­zyň aý­ra­tyn go­ral­ýan çäk­le­rin­de Köý­ten­da­gyň tä­sin go­wak­la­ry we de­re­le­ri, Sünt-Ha­sar­da­gyň we Mer­ke­zi Kö­pet­da­gyň ýa­şyl jül­ge­le­ri ýer­leş­ýär. Gap­laň­gy­ryň giň te­kiz­lik­le­ri, Amy­der­ýa­nyň ke­na­ryn­da­ky gür to­kaý­lyk­lary ajaýyp künjeklerdir. Ýur­du­my­zyň tebigy gözellikleri, ola­ryň bio­dür­li­li­gi go­ra­lyp sak­lan­ýar.

Ogul­bagt Oraz­dur­dy­ýe­wa,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.
Beýleki habarlar