Dünýäniň sport muzeýleri

31 Mart 2023
1258

OLIM­PI­ÝA HE­RE­KE­TI WE SPORT MU­ZE­ÝI

Ka­tar­da­ky Olim­pi­ýa he­re­ke­ti we sport mu­ze­ýi dün­ýä­niň hä­zir­ki za­man iň iri sport mu­zeý­le­ri­niň bi­ri­dir. 19 müň km² meý­da­ny eýe­le­ýän bu mu­zeý Ka­ta­ryň we dün­ýä­niň sport we Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň ta­ry­hy­ny ýyg­na­dy. 2022-nji ýyl­da açy­lan mu­zeý «As­pi­re Zo­ne Fo­un­da­ti­on» top­lu­my­nyň bir bö­le­gi hök­mün­de Ha­li­fa hal­ka­ra sta­dio­ny­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýär. Mu­zeý spor­tuň ga­dy­my dö­wür­ler­den hä­zir­ki döw­re çen­li ta­ry­hy­ny açyp gör­kez­ýän al­ty ga­le­re­ýa­dan yba­rat. Olar Ýew­ro­pa­da, Azi­ýa­da, Ame­ri­ka­da, Af­ri­ka­da we Ýa­kyn Gün­do­gar­da spor­tuň ösü­şin­de dür­li ta­ry­hy dö­wür­le­re ün­si jem­läp, ge­og­ra­fi­ki we te­ma­ti­ki pu­dak­la­ra bö­lün­ýär. Ola­ryň için­de gra­fi­ki, au­dio­wi­zu­al we in­te­rak­tiw eks­po­nat­lar, yl­ham ber­ýän fakt­lar we san­ly gi­ňiş­lik­ler bar. Spor­tuň ge­lip çy­ky­şy, ösü­şi we me­de­ni­ýe­ti ha­kyn­da ta­ry­hy mag­lu­mat­lar dün­ýä ja­han­keş­de­le­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Mu­zeý sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň muş­dak­la­ry, jan­kö­ýer­ler, hü­när­men tür­gen­ler üçin gy­zyk­ly­dyr. Şeý­le hem mu­zeý­de sow­gat­lar dü­ka­ny, sport ka­fe­si we Lon­don­da­ky iň meş­hur aş­pez­le­riň bi­ri bo­lan Mi­şe­li­niň ýyl­dy­zy Tom Aý­kens ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len Naua res­to­ra­ny bar. Arap di­lin­de «Dä­ne­li to­hum» sö­zü­ni aň­lad­ýan res­to­ra­nyň ady sag­dyn­ly­gy we sag­dyn iý­mit­len­me­gi aň­lad­ýar.

Taý­ýar­lan Je­mal BA­KY­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky Şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty muzeýiniň esa­sy yl­my iş­gä­ri.
Beýleki habarlar