Göwherjik her gün mekdepden gelip, okuwda berlen ýumuşlaryny dynandan soň, otaglaryň içini syryp-süpürip, gül pürkülen ýaly edýärdi. Gyzjagaz muny endigine öwürdi. Eline sübse alyp, otaglary ýeke-ýeke syryp geçmese, misli onuň kanagaty ýetmeýän ýalydy. Işden aryp gelen ejesi bolsa munuň üçin işeňňir gyzynyň her gün tarypyny ýetirerdi. Käbesini begendirip bilýänine Göwherjik guş bolup uçaýsam diýýärdi. Ýöne... günleriň bir güni...
Hawa, şol gün Göwherjigiň kakasy eline äpet gutyny alyp geldi. Otagyň içine girenden maşgalanyň agzalarynyň ählisi Göwherjigiň kakasynyň daşyna üýşdüler. Gutynyň içinde näme baryny bilmek islegi hemmeleri gyzyklandyrýardy. Haçanda gutynyň owadan gaby açylanda, Göwherjigiň keýpi gaçdy. Sebäbi kakasy tozan sorujy satyn alan eken.