Ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Şunda ýaşlar watansöýüjilik, ene dilimize, nusgawy edebiýatymyza belent sarpa ruhunda terbiýelenýär. Bu asylly ýörelgeler görelde bilen, öwüt-ündew bilen nesilleriň aňyna guýulýar. Esasan hem, gadymdan gelýän nakyllaryň üsti bilen nesil terbiýelemek örän täsirlidir. Ýaşlara nakyllary aýdyp bermek bilen, olarda pähimli sözlere, ene dilimize belent sarpany hem terbiýelemek mümkin. Ata-babalarymyz «Edep başy — dil» diýen pähimiň üsti bilen pähimli sözleriň ähmiýetiniň has-da täsirlidigini belläpdirler.
Edep-terbiýede medeniýetli sözleýiş aýratyn ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem ýaş nesillere nusgawy edebiýatymyzyň eserlerini, nakyllary, halk döredijilik eserlerini okatmak, öwretmek zerur ähmiýete eýedir. Magtymguly Pyragy ýaly zehinli şahyry terbiýelän Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserini aýratyn belläsimiz gelýär. Bu ajaýyp eserde ýaş nesiller üçin gymmatly terbiýe mekdebi bar. Bu kitap tutuşlygyna il-günüň arzuw hyýallary esasynda, halk döredijiliginden, durmuş wakalaryndan ýerlikli peýdalanyp döredilen eserdir. Bu eserde esasy maksat halkyň ruhuny galkyndyrmakdan, ýaş nesliň edep-terbiýeli, medeniýetli, giň düşünjeli, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegini gazanmakdan ybarat bolup durýar. Şeýle-de eserde perzendiň öňündäki borç-wezipeleri, öz çagalaryny il-güne peýdaly, jemgyýete ähmiýetli, zähmetsöýer adamlar edip ýetişdirmek, adamlara ýagşylyk etmek dogrusynda söz açylýar. Şonuň üçin hem bu gymmatly edebi miras nesil terbiýesinde aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Nusgawy edebiýatyň şeýle eserleri nesiller üçin terbiýe mekdebidir.