Köňül bilen keşt eýläp...

23 Mart 2023
1207

20-nji martda Aşgabadyň «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat öz işine başlady. Halkara forum dünýäniň ençeme döwletleriniň syýahatçylyk ulgamynyň hem-de myhmanhana toplumlarynyň belli hünärmenlerini bir ýere jemledi.

Bu günki günde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan taryhy-medeni, tebigy ýadygärliklere baý ýurtlaryň biri hökmünde giňden tanalýar. Halkara forumda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biriniň syýahatçylyk bilen baglydygyny uly buýsanç bilen bellediler. Asyrlaryň ýaňyny özüne siňdiren gadymy Köneürgenç, Nusaý, Merw ýaly şäherleriň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Paýtagt şäherimiz Aşgabadyň görküne görk goşýan Oguz han suw çüwdürimler toplumynyň, Älem medeni-dynç alyş merkeziniň, Olimpiýa şäherçesindäki türkmen bedewiniň heýkeliniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi hem bu aýdylanlara şaýatlyk edýär.

Meretgylyç ÝAGMYROW,
«Edebiýat we sungat».
Beýleki habarlar