«7/24. tm», № 09 (144), 27.02.2023
Dünýädäki iň kiçi arap döwleti bolan Bahreýn üç sany uly we otuz sany kiçi adadan ybarat arhipelagda ýerleşýär. Bu ýere diňe gury ýer ulaglary arkaly hem barmak mümkin. Sebäbi Bahreýni Arap ýarym adasyna birleşdirýän giň köpri indi ençeme ýyl bäri ýolagçylara hyzmat edip gelýär.