Galalar — şöhratly taryhyň beýany

11 Fewral 2023
1449

Diýarymyzyň çar künjeginde ýaýylyp ýatan giňişliklerde sudur bolup, uzaklardan magallaklap görünýän galalarda biygtyýar nazaryň eglenýär. Hemmelere elýeterli bolan internetiň kömegi bilen emeli hemradan düşürilen suratlary synlap, gadymy galalaryň arheologik yzlarynyň täsinligine haýran galýarsyň. Guşuçar belentlikden synlanyňda bolsa, gadymy derýalardyr bol suwly çeşme-çaýlaryň kenarlarynda, sähra giňişliklerinde, takyrlaryň, dag ulgamlarynyň aralarynda aýyl-saýyl görünýän, merjen däneleri ýaly seteran düzülen galalaryň binagärlik galyndylary Beýik Ýüpek ýolunyň biri-biri bilen baglanyşýan gadymy şahalarynyň hereketini göz öňüňde janlandyrýar. Şeýle täsin, taryhyň gatlarynda ata-babalarymyzyň ümmülmez pähim-parasadyny siňdirip kemala getiren baý gurluşyk tejribeleriniň aýratynlyklaryny ýaş nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr.

Aslynda, «gala» arap sözi bolup, yslam dinini kabul etmegi bilen, gadymy pederlerimiziň öňden ulanyp gelýän «gorgan» (goralýan manydaky «gor» sözünden we at ýasaýjy «an» goşulmasyndan ybarat) diýen sözüň ornuny tutýar. Ýeri gelende aýtsak, bu gadymy söz «kurgan» görnüşinde rus we beýleki käbir Ýewropa dillerine hem geçipdir. Türk dilçisi Zeki Eýuboglunyň düşündirişi ýaly, «gala» — «töweregi palçyk, daş ýa kerpiç diwar bilen berk gurşalan ýurt, kent, daşyna berkitme aýlanan öý, oba, ýer» diýmegi aňladýar. Şoňa görä-de, «gala» sözi ýer-ýurt atlarynda-da öz beýanyny tapýar: Gyzgala, Abdyllahangala, Isgendergala, Bitikgala, Akjagala, Soltangala, Erkgala, Akgala, Türkmengala...

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, etnograf.
Beýleki habarlar