Röwşen zamanamyzda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Eziz Watanymyzyň ähli künjeklerini, şol sanda paýtagtymyz Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy aýawly saklamak ýaly möhüm wezipeler hem şeýle buýsandyryjy işleriň hataryndan mynasyp orun eýeleýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Üstünlikli durmuşa geçirilýän Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, täze tokaý zolaklaryny döretmäge, şeýle hem gözel tebigatymyzyň köpdürlüligini gorap saklamaga, tebigy baýlyklarymyzyň rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen taslamalar amala aşyrylýar. Şol günki ählihalk bag ekmek dabarasyna hem dürli ýaşdaky ildeşlerimiz işjeň gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deýin gorap gelipdir. Halkymyzyň bu asylly ýörelgesini has-da ösdürmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça bellän meýilnamalarymyz üstünlikli amala aşyrylýar» diýip belleýär. Bütin ýurdumyz boýunça alnyp barylýan şeýle beýik işleriň guwandyryjy netijelerini bolsa biz her bir ädimde görüp, duýup ýaşaýarys.