Pasyllaryň ygally, ýagyş-ýagmyrly gelşine baglylykda, ýerasty suwlarynyň ýokary galmagy ýerleriň şorlaşmagyna getirýär. Şeýle ýagdaýda zeý akabalaryna bolan gözegçiligi ýokarlandyrmaly bolýar. Mysal üçin, tomus paslynda howanyň birbada gyzmagy bilen, topragyň üstki gatlagynyň gatap gapaklamagy netijesinde ekin ekilen ýerleriň gögerişi üçin goşmaça işler geçirilýär. Gatan topragyň aşagyndan çykyp bilmän, gögerişden galýan ýerleri ikinji gezek ekmeli bolýar.
Ýylyň gurak gelmegi we ekiş (mart — aprel aýlary) döwründe howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy sebäpli gurak, yssy ýelleriň öwüsmegi bilen, bugarmagyň netijesinde topragyň yzgary 30 göterimden aşak düşýär (adaty toprakdaky bolmaly yzgaryň çägi 65 – 75 göterim). Bu bolsa tohumyň şinelemän galmagyna ýa-da gämiklemäge duran gowaçanyň we beýleki ekilen ekinleriň kökleriniň çüýremegine getirýär. Şeýle hem ol ilkinji ekilen ýüzlerçe gektar gowaça meýdanyny gaýtadan suwaryp we beýleki ir ekilýän ekinleriň tohumy üçin ikinji gezek harajatlaryň sarp edilmegine, ekiş möhletiniň gijä galmagyna getirýär.