Ylym dünýäsinde

24 Oktýabr 2022
2093

Watanymyzyň taryhyny öwrenmek toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Şol bir wagtda, dünýä taryhynda täze tapyndylar, toplanan maglumatlar milli derejedäki maglumatlar bilen ugurdaşlygyna görä öwrenilýär. Munuň üçin halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti aýratyn uludyr. Ylmy barlaglar, guramaçylyk işleri hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy döwrebap hukuk kadalary boýunça alnyp barylýar. Munuň özi bu ugurdaky maksatnamalaýyn işleriň ygtybarly we resmi esasda ýola goýulmagyna ýardam edýär.

Ýurdumyz ylym babatda hyzmatdaşlyk boýunça ençeme halkara resminamalaryna hem goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, ylym ulgamyndaky işleriň guramaçylyk hukuk esaslaryny düzgünleşdirýän kanunlar halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine hem laýyk gelýär. «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ylmy-tehnologiýa parklarynyň döredilmegi we hereket etmegi bilen baglanyşykly hukuk, ykdysady we guramaçylyk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. «Innowasiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny döwletimizde innowasiýa işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda döwlet ylmy-tehniki syýasaty döretmegiň maksatlaryny we ýörelgelerini hem-de onuň durmuşa geçirilmegini kesgitleýär, ylmy işiň subýektleriniň, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň we ylmy önümi sarp edijileriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär. «Ylmy edaralar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ylmy edaralaryň hukuk ýagdaýyny, maksatlaryny, wezipelerini we ygtyýarlyklaryny, olaryň kysymlaryny we görnüşlerini, ylmy edaralaryň işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini kesgitleýär. «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ylmy işgärleriň hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiligini, olaryň hünär taýýarlygyna baha bermegiň ölçeglerini, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralarynyň ylmy işgäriň erkin ylmy döredijiliginiň kepilliklerini we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmekdäki, ylmy işiň abraýyny ýokarlandyrmakdaky borçlaryny kesgitleýär. «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny «Türkmenistanda eýeçilik hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, intellektual (akyl) eýeçiligiň bir görnüşi bolup durýan ylmy intellektual eýeçilik obýektlerini döretmek we peýdalanmak maksady bilen alnyp barylýan ylmy-tehniki işde ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

Enejan NAZAROWA,
TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň gadymy we orta asyrlar taryhy bölüminiň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar