Nebit we gaz ýataklarynyň suwlary

24 Oktýabr 2022
2099

Nebit we gaz ýataklarynyň suwlary ýatagyň kesimindäki önümli we önümsiz gatlaklardaky (gorizontlardaky) ýerasty suwlardyr. Ýatyş şertleri we önümli gorizontlarda ýataga görä ýagdaýy boýunça suw-nebit galtaşmasynyň (SNG) ýa-da gaz-suw galtaşmasynyň (GSG) aşagynda, doly gatlakly ýataklarda, nebitliligiň ýa-da gazlylygyň daşky we içki çäkleriniň arasynda ýerleşen çägiçi (konturiçi) suwlar we şol gatlagyň önümliliginiň serhediniň daşky çäginde ýerleşen çäkden daşarky (konturdan daşarky) suwlar tapawutlandyrylýar. Her bir aýry-aýry önümli gorizontda çäkden daşarky suwlaryň daşky serhedi ýatagyň geohimiki täsiriniň meýdanynyň giňişligi bilen şertli kesgitlenilýär. Önümliligiň çäginden uzakda ýerleşen çäkden daşarky suwlar ganat (gapdal uç) suwlary diýip atlandyrylýar. Doly gatlakly däl (suwda ýüzýän) we massiw ýataklarda SNG ýa-da GSG aşagynda ýerleşen suwlara daban (etek) suwlary diýilýär. Önümli gatlaklaryň içinde ýerleşen, kollektorlaryň kem-kemden ýukalýan zolaklaryna ýa-da dag jynslarynyň has pes syzdyryjylykly meýdanlaryna laýyk gelýän, ýataklaryň emele gelmeginiň barşynda iterilip çykarylmadyk suwlara içerki suwlar diýilýär. Bu suwlar hemişe bolmaýar. Galyndy suwlar kollektorlaryň öýjük giňişliklerinde nebit ýa-da gaz bilen bilelikde ýerleşýärler we has inçe kanallary we jaýryklary, öýjükleriň öňi ýapyk we pendulýar (çatryk) böleklerini eýeleýärler. Olar galyndy (hereketsiz) suwdoýgunlylygy emele getirýärler we nebitiň (gazyň) süzülmeginde orunlaryny üýtgetmeýärler. Kontur we konturdan daşarky suwlary käwagt gyraky suwlar diýip atlandyrýarlar. Soňkularyň arasynda, eger ýatagyň önümli gorizontlary ýeriň ýüzüne çykýan bolsa, onda önümli gatlagyň aşak çökýän böleginde ýerleşen aşaky gyraky suwlar we gelip çykyşy boýunça infiltrasion bolup durýan we gatlagyň ýeriň ýüzüne çykýan, ýokarky bölegine laýyk gelýän ýokarky gyraky suwlar bölünýärler.

Ýataklaryň kesimindäki önümsiz gorizontlaryň arasynda, ýokarky önümli gatlagyň üstünde ýerleşen suwlar, aşaky önümli gatlakdan pesdäki suwly gatlaklara laýyk gelýän aşaky suwlar we önümli gatlaklaryň arasynda ýerleşen suwly gatlaklardaky aralyk suwlar bölünýärler. Kände meýdany boýunça uly bolmadyk ýatagy özünde saklaýan duzagyň iň soňky izogipsiniň ýagdaýy önümsiz gatlaklarda ýokarky, aşaky we aralyk suwlar şertli görnüşde çägiň içindäkilere we çägiň daşyndakylara bölünýärler.

Baýramgeldi NEDIROW,
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar