Soňky döwürlerde sanly ulgama aýratyn ähmiýet berilýär. Habarlaryň, maglumatlaryň alyş-çalşygynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri barha kämilleşýär. Internet ulgamynyň kömegi bilen dünýäniň ähli ýerindäki derwaýys hem gyzykly wakalaryň maglumatlary bilen tanyşmak mümkinçiligi indi hemmeler üçin elýeterli.
Ynha, ýaňy-ýakynda «Türkmenportalda» peýda bolan bu maglumat ildeşlerimiz üçin hem gyzykly bolsa gerek. Ol habarda «Mir 24» teleýaýlymynda Türkmenistanyň janly tebigatyň muzeýinde saklanýan nil krokodiliniň çagasynyň bolandygy baradaky habaryň berlendigi aýdylýar.