Milli bilim ulgamyny ösdürmek, has-da kämilleşdirmek, ýaşlaryň hünär ussatlygyny artdyrmak, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak döwletimiziň ýöredýän esasy ugurlarynyň biridir.
Ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebap mümkinçilikler bilen ösdürmek, sanly ulgamdan peýdalanmak möhüm şertleriň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda şol wezipeler üstünlikli çözülýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, halkara okuw mekdebiniň döredilmegini, iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki okuw-mugallymçylyk edaralarynyň täze binalarynyň gurulmagyny, iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny, şol sanda internet we elektron kitaphanalar arkaly dünýä maglumatlar ulgamyna ýokary tizlikli elýeterliligi üpjün etdi.