«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar barada döwlet syýasaty ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Döwletimizde amala aşyrylýan her bir beýik işlerde ýaşlaryň aňly-düşünjeli kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri, olaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrundaky wezipeler göz öňünde tutulýar. Bu barada hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky çykyşynda: “Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir. Şoňa görä-de, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini giň gerimde gurup ulanmaga berýäris. Bu bolsa ýaşlarymyza dünýä derejesinde bilim bermäge mümkinçilik döredýär” diýip bellemegi ýaşlar syýasatyna möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär.
Ynsanyň kämil adam bolup ýetişmeginde ylym-bilim derwaýys meseleleriň biridir. Şeýle hem döwletiň gülläp ösüşi, ilkinji nobatda, bilimiň hem ylmyň ösüşine bagly bolup durýar. Şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlarymyzyň döwür bilen aýakdaş bolup, kämil bilim goruna eýe bolmagy, ylym bilen meşgullanmagy we kämilleşmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Bilim bermekde sanly tehnologiýalar giňden ulanylyp, uzak aralykdan okatmak we maglumatlary alyşmak işleri amala aşyrylar. Bu çäreler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini dünýäde iň ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berer». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, döwletimizde ýaşlara berilýän ylym-bilimiň hilini ýokarlandyrmakda ýokary depginli işler amala aşyrylýar. Çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine, ylmy-barlag edaralaryna çenli ylmyň iň soňky gazananlaryna daýanýan tehnologiýalar, innowasiýalar ornaşdyrylýar. Ylym-bilim syýasatynyň barha rowaçlanýan döwründe ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary ýaşlara bilim bermekde täze usullardan netijeli peýdalanýarlar. Şeýle şertleriň döredilmegi ýurdumyzda ylmyň ileri tutulýan nanotehnologiýalar, biotehnologiýa, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, häzirki zaman lukmançylyk tehnologiýalary, innowasiýa ykdysadyýeti, ynsanperwer ylymlary ýaly ugurlar boýunça ylymly ýaşlaryň ýüze çykmagyna itergi berýär.