Marsda kislorod almagyň täze usuly

13 Sentýabr 2022
2404

Massaçusets Tehnologiýa institutynyň ýolbaşçylygyndaky halkara ylmy-barlag topary plazmanyň kömegi bilen Mars gurşawynda kislorody almagyň usulyny oýlap tapdy. Alymlaryň işi «Amaly fizika» žurnalynda çap edildi. Onda «Kislorody bölüp çykarmak üçin kömürturşy gazynyň molekulalarynyň dargamagy çylşyrymly hadysadyr. Munuň üçin täsirleşme wagtynda alnan gaz garyndysyndan kislorody bölüp aýyrmak zerurdyr. Plazma iki meseläni hem çözmäge kömek eder» diýilýär. Plazma ionlaşdyrylan gazdyr. Plazmada elektron we ion ýaly erkin zarýadly bölejikler bar. Gazlary elektronlar arkaly aňsatlyk bilen dargadyp bolýar. Elektronlar kömürturşy gazynyň molekulasy bilen çaknyşanda, ony bölüp bilerler.

Şeýlelikde, kislorod bilen gazlaryň garyndysy emele geler. Plazmada emele gelen ýylylyk kislorodyň bölünmegine hem goşant goşýar. Alymlar bu açyşlaryny synag arkaly subut etdiler. Olaryň pikiriçe, bu tehnologiýa Marsda ýaşaýyş üçin zerur bolan ýangyçlary, gurluşyk önümlerini, dökünleri gaýtadan işlemekde gerekli çig mallary we esasy himiki serişdeleri işläp taýýarlamakda, şeýle-de ýerdäki howanyň üýtgemegi bilen bagly meseläni çözmekde wajyp orny eýelär.

Aýgül ALTYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar