Ýaşlaryň alnyndan dogan ak Gün

7 Sentýabr 2022
2371

Şu güýzüň ilkinji gününde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna gatnaşan hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi türkmen ýaşlarynyň ykbalynda täze tylla sahypany ýazdy. Çünki Kanunyň rejelenen görnüşi ýaşlaryň bagtyýar durmuşymyzdaky hak-hukuklaryny has-da ösdürýär.

Kanuny kämilleşdirmek baradaky başlangyjyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidigini aýratyn nygtamak gerek. Eziz Arkadagymyz ýurdumyzyň sebitlerinde ýaşlar bilen ýörite duşuşyklary geçirip, bu Kanuny kämilleşdirmek baradaky öz tekliplerini orta atdy we ýaş nesliň wekilleriniň pikirlerini diňledi. Täze Kanun şol teklipleriň ählisi çuňňur öwrenilip kabul edildi. Şu makalamyzda Kanuna girizilen üýtgeşmeleriň we goşmaçalaryň iň möhümlerine ünsüňizi çekmek isledik. Has düşnükli bolmagy üçin olaryň her birine aýry bölümlerde orun berdik.Kanunyň rejelenen görnüşi baradaky söhbedi esasy üýtgeşme bilen başlamak has ýerine düşer. Mundan ozal ýurdumyzda «ýaşlar» düşünjesi 30 ýaşa çenli bolan raýatlarymyzy öz içine alan bolsa, rejelenen görnüşdäki Kanunda bu ýaş 35-e çykaryldy. Diýmek, 35 ýaşa çenli islendik raýatymyz ýaşlar üçin döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp biler.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar