Halkyň Arkadagly zamanasynda buýsanjyň joşup, beýik söz ussadynyň kitaplaryny gaýta-gaýta okasyň, her bir setirini aň eleginden geçiresiň gelýär. Şol pikirlere berleniňde, «Magtymgulyny okamadyk, onuň öňdengörüjiligine haýran galmadyk bir barmyka?» diýen sowal seriňe dolýar.
Çagalygymyzdan ýaşulular çaý başyna üýşende, gürrüň Magtymgulynyň şygyrlary barada bolardy. Käbir adamlaryň söz ussadynyň ähli şygyrlaryny ýatdan bilmekleri haýran galdyrardy. Şeýdibem her bir setir aňyňa ýazylardy. Aňyňa ýazylan zatlara ýeke özüň däl-de, daşyňdakylar bilen bilelikde buýsanmaga howlugarsyň. Magtymguly Pyragy barada kalbyňda şeýle täsin duýgulary döredýänleriň biri-de, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Romanguly Mustakowdyr. Romanguly aga Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny, onuň öňe süren pikirlerini içgin öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, olary daşary ýurt dillerine terjime edip, uzak ülkelerdäki dostlarymyza ýetirmegi maksat edinipdir.