Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýaşlara kämil derejede bilim almak, hünär öwrenmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şu maksat bilen her ýyl ýaşlaryň müňlerçesi Diýarymyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerine talyplyga kabul edilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da döwletimiz boýunça ýaşlaryň 26 müňe golaýy okuwa kabul edilip, talyp bolmak bagtyna eýe boldy. Şolaryň hatarynda welaýatymyzyň wekilleri hem bar. Olar ýürek buýsanjyny şeýle beýan edýärler:
Maral ORAZOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň I ýyl talyby: