Jogapsyz söýginiň şaýady

25 Awgust 2022
2454

Türkmen topragyndaky taryhy ýadygärliklere syýahat edeniňde, göýä gürrüňçil gojanyň gyzykly söhbedini diňlän ýaly bolýarsyň. Sebäbi bu topragyň üstündäki gadymy ýadygärlikleriň her biriniň gyzykly taryhynyň bolşy ýaly, olar hakda halk arasynda döredilen rowaýatlaram kalbyňda täsin duýgulary döredýär. Taryh mugallymy hökmünde okuwçylarymyzy Ahal welaýatynyň çägindäki, şonuň ýaly-da ýurdumyzyň çar künjegindäki gadymyýetiň şaýady bolan ýadygärlikler bilen tanyşdyryp durýarys. Şeýle täsin ýerlere baý topraklaryň biri-de ýurdumyzyň demirgazygynda ýerleşýän Daşoguz welaýatydyr.

Köneürgenç topragynyň gadymyýetiň sesi siňen kümmetleri ir wagtlardan bäri taryhçylaryň ünsüni çekip gelýär. Köneürgenç ýadygärlikleriniň göwheri saýylan Törebeg hanymyň kümmetiniň özboluşlylygyna haýran galmazlyk mümkin däl. Bu aramgähiň haçan we kim tarapyndan gurlandygy barada dürli pikirler öňe sürülýär. Halk arasynda ýaşap gelýän rowaýatlarda bu ymaratyň gurluşygy Horezmiň hökümdary Gutlug Temiriň aýaly Törebeg hanymyň ady bilen baglanyşdyrylýar. Törebeg hanymyň dogruçyllygy, rehimdarlygy, şäher binagärligine üns berendigi bütin Horezmde belli bolupdyr. Esasan-da, onuň zenanlaryň hemaýatkäri bolandygy hakda dürli rowaýatlarda aýdylýar. Hut şonuň üçin-de Törebeg hanymyň kümmeti asyrlaryň dowamynda alys-alys ýurtlardan hem zenanlaryň gelip zyýarat edýän ýeri hökmünde belli bolupdyr. Häli-häzire çenli hem zyýarat edýänleriň yzy üzülmeýän Törebeg hanymyň aramgähi bilen baglanyşykly jogapsyz söýginiň rowaýaty hakda eserler ýazyldy.

Tuwak ÖWEZNEPESOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň taryh mugallymy.
Beýleki habarlar