Türkmenler iň gadymy halklaryň biri bolmak bilen, dünýä medeniýetine, ylmyň ösmegine saldamly goşant goşan halk hökmünde giňden tanalýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikler doly tassyklaýar.
Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri has gadymy döwürlere degişli bolup, ol binalar özboluşly gurluş äheňi, binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Dehistan, Nusaý, Köneürgenç, Amul, Merw ýadygärlikler toplumlarynda bina gurmagyň täsin nusgalaryny görmek bolýar. Aýratyn hem Maşatata, Togalakdepe, Goňurdepe, Mansurdepe, Namazgadepe, Ulugdepe, Altyndepe, Yzmykşir, Köneürgenç, Ysmamyt ata, Seýitjemaleddin metjidi, Sarahs galasy, Soltan Sanjaryň kümmeti ýaly taryhy-medeni ýadygärliklerden tapylan taryhy tapyndylar haýran galdyrýar. Her bir taryhy ýadygärlik bilen baglanyşykly, nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize çenli saklanyp galan ençeme rowaýatlar geljegimiz bolan ýaşlary terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Ol rowaýatlar Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy» atly kitaplarynda örän gyzykly beýan edilýär.