Ýaşaýşyň gönezligi

4 Awgust 2022
1381

Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 19-njy martynda wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Howanyň üýtgemeginiň, senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna ýaramaz täsirini peseltmegiň, daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini azaltmagyň üstünde işlemek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolar» diýip nygtamagy, daşky gurşawy goramaga we howanyň üýtgemeginiň öňüni almaga aýratyn ähmiýet berilýändigini tassyklaýar.

Soňky ýyllarda howanyň üýtgemegi we onuň daşky gurşawa, ykdysadyýete we jemgyýete ýetirýän zyýanly täsirleri Durnukly ösüş maksatlarynyň has möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu babatda 2015-nji ýylda Howanyň üýtgemegi baradaky BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy ýurtlaryň 21-nji mejlisinde kabul edilen Pariž ylalaşygy az uglerodly we ekologiýa taýdan durnukly geljegi üpjün etmäge gönükdirilendir. Onda howanyň global temperaturasyny 1,5 gradus derejesinde saklamak baradaky ähtnamalar bar. Türkmenistan bu ylalaşygy 2016-njy ýylyň sentýabrynda BMG-niň 71-nji mejlisiniň çäklerinde tassyklady.

Welimyrat ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar