Ýurdumyzda dünýä ýurtlary hem-de halkara guramalar bilen howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça birnäçe teklipler taýýarlanyldy. Bu babatda 2019-njy ýylda tassyklanan Howanyň üýtgemegi baradaky Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Pariž Ylalaşygyndan gelip çykýan borçnamalarynyň ýerine ýetirilişine uly ähmiýet berilýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň ekologik taýdan howpsuz ykdysadyýeti we senagaty ösdürmäge ýöriteleşdirilen edarasy bolan Senagat ösüşi boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berilýär. Bu gurama bilen ýurdumyzyň arasynda ozon gatlagyny dargadyjy maddalardan goramak boýunça degişli resminamalar hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli zyňyndy gazlary azaltmak boýunça degişli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şundan ugur alyp, gaýtadan dikeldilýän, hususan-da, pes uglerodly energiýa we wodorod ýangyjyna geçmäge gönükdirilen işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Wodorod tebigatda diňe birleşmeler görnüşinde ýüze çykýar. Emma astrofizikleriň aýtmaklaryna görä, Günüň massasy, esasan, wodoroddan ybaratdyr. Aslynda, bize mälim bolan Gün energiýasy wodorodyň Günde emele gelýän termoýadro energiýasydyr. Adaty wodorod iň ýeňil gazdyr we howadan on dört esse töweregi ýeňildir. Şonuň üçin kadaly şertlerde onuň 1 kilogramy 11 kub metrden gowrak göwrüme eýedir. Bir kilogram wodorod ýananda 33900 kilokoloriýa energiýa bölünip çykýar. Ýer ýüzünde wodorod, esasan, suwda we uglewodorodlarda birleşmeler görnüşinde jemlenendir. Olar wodorody öndürmekde esasy çig mal bolup hyzmat edýärler. Munuň üçin, esasan, ýokary temperaturada demir külkesi bilen suw buguny dargatmak, suwuň elektrolizi arkaly dürli organiki we nebit önümleriniň pirolizi, uglewodorod gazlarynyň konwersiýasy ýaly usullar ulanylýar. Häzirki wagtda Marynyň, Tejeniň we Garabogazyň karbamid öndürýän zawodlary muňa aýdyň mysal bolup biler. Olarda ammiak öndürilende ulanylýan wodorod tebigy gazdaky metany konwersiýa etmek arkaly alynýar. Bu usul beýlekilere garanyňda, senagatda wodorody öndürmekde tehniki-ykdysady taýdan has amatly hasaplanýar.