ŞÖHRATLY TARYHA GOÝULÝAN SARPA
Her bir halkyň beýikligi onuň adamzat medeniýetine goşan goşandy, gojaman taryhyň şöhratly sahypalarynda galdyran yzy, asyr aşyp, döwür geçse-de, gymmaty egsilmeýän milli mirasy bilen kesgitlenilýär. Şol sebäpli hem, islendik bir ülke, ýurt hakynda gürrüň edilende ýa-da oňa syýahata gidilende onuň taryhy, medeni-binagärlik ýadygärlikleri uly gyzyklanma döredýär. Bu gymmatlyklar halkyň şöhratly geçmişini dikeltmekde, ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, her bir raýatyň aňynda, kalbynda milli buýsanç duýgusyny oýarmakda möhüm ähmiýete eýedir.