Islegli harytlaryň hatarynda

3 Maý 2022
1814

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji günlerinden joşgunly zähmet çekip, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň has şöhratlanmagyna goşant goşýan önümçilikleriň biri hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, Mary şäherinde ýerleşýän, 2017-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän «Kilwan» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän «Hojaly» hojalyk jemgyýetidir.

Döwletimizde döredilen amatly ýeňilliklerden we mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, bazar bolçulygynyň has pugtalandyrylmagyna daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň ornuny tutýan harytlaryň köp öndürijiligine mynasyp goşant goşýan kärhana öndürýän önümleriniň hil derejesine aýratyn ünsli çemeleşýär. Şonuň üçin hem öz işine yhlasly ýaşlaryň köpsanlysyny özünde jemleýän kärhananyň öndürýän önümleriniň hyrydarlary barha köpelýär.

Allaberdi SAPARGELDIÝEW,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar