Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň taryhyny we medeni mirasyny ylmy taýdan öwrenmek hem-de ony bütin dünýä ýaýmak wezipesini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiziň degişli Karary esasynda «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Häzirki wagtda kabul edilen bu Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerimizi ylmy taýdan öwrenmek, olary gorap saklap, geljekki nesillere ýetirmek üçin ençeme işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda şöhratly taryhymyzyň subutnamasy bolan taryhy-medeni ýadygärliklerimizi, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işler ýaş nesliň taryhy-medeni mirasymyza bolan sarpasyny has-da artdyrýar.