Ödeýdepe welaýatymyzdaky iň gadymy ýadygärlikleriň biridir. Ol Türkmenabatdan 30 kilometr demirgazyk-günbatarda Dänew etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýär. Ýadygärlik tegelek görnüşde bolup, onuň diametri 350 metre, daş-töwereginiň diwarlarynyň uzynlygy bolsa 600-700 metre ýetýär. Demirgazyk-günbatar tarapda merkezi erkiniň tutýan meýdany 1 gektara golaýdyr.
Demir eýýamynyň irki döwrüne degişli medeni gatlagyň Ödeýdepede hem bardygy alymlar tarapyndan anyklanyldy. Bu gatlakdan tapylan küýze bölekleri Margianadaky ýadygärligiň iň gadymy gatlagyndaky tapylan küýze böleklerine meňzeşdir.