Gadymy kitaphanalar
Iň gadymy kitaphanalaryň Merwde, Köneürgençde bolandygy hakynda taryhy maglumatlar bar. Golýazma çeşmeleriniň habar bermegine görä, Gadymy Merwdäki kitaphanalar, olaryň kitaplarynyň baýlygy aýratyn ünsüňi çekýär. Şonuň üçin hem bu kitaphanalar öz döwründe deňsiz-taýsyz diýip bellenilýär. Kitaplaryň köp bolandygy üçin asyrlaryň dowamynda bu mekanda ylym gülläp ösüpdir, ençeme alymlar ýetişipdir. Bu künjekde ýaşan alymlar ylmyň dürli ugurlaryna öz goşantlaryny goşupdyrlar.