Ýurdumyzyň harytlaryny daşarky bazarlarda ilerletmek üçin «Türkmenistanda öndürilen» atly milli nyşan taýýarlanylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 22-nji aprelde geçirilen mejlisinde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň harytlarynyň daşary ýurt bazarlaryna ýerlenilişini artdyrmak maksady bilen, täze milli söwda nyşanly harytlary döretmek hem-de olary dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça wezipeler göz öňünde tutuldy. Şoňa görä-de, «Türkmenistanda öndürilen» nyşanynyň şekilini saýlap almak maksady bilen, Söwda-senagat edarasynda degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň suratkeşleriniň, dizaýnerleriň, talyplaryň we raýatlaryň arasynda bäsleşik yglan etmek meýilleşdirilýär.