Türkmen telekeçileri ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine barha işjeň goşulýarlar. Ýurdumyzyň jemi içerki önüminde kiçi we orta telekeçiligiň paýy artýar, hususy telekeçiler özleri üçin täze bazary, şol sanda daşary ýurt bazaryny özleşdirýärler. Olaryň hödürleýän harytlarynyň we hyzmatlarynyň hili we görnüşleri bazar ykdysadyýetiniň öňdäki orunlaryna ynamly çykýan Watanymyzyň telekeçiliginiň ösüş depginleriniň we mümkinçilikleriniň barha ösýändigine şaýatlyk edýär.
Hususy telekeçiler ýurduň ägirt baý tebigy gorlaryny ulanmakda, senagaty ösdürmekde, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemekde, dokmaçylyk işlerini, mebel önümçiligini, milli senetleriň söwdasyny we beýlekileri ýola goýmakda, öndürýän önümleriniň ýokary hili bilen bäsdeşlige üstünlikli hötde gelýän, özleri üçin täze bolan, şol sanda daşary ýurt bazar ugurlaryny özleşdirmekde ýeterlik tejribe topladylar.Türkmenistanda işewür düzümler yzygiderli kämilleşdirilýär, häzirkizaman söwda toplumlary, dükanlar, dürli hyzmat ediş desgalary gurulýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan tutuş ýurdumyz boýunça durmuş we medeni ähmiýetli desgalaryň ýüzlerçesinde işler alnyp barylýar.