Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde gazuw-agtaryş işlerini geçirmekde, olary ylmy esasda öwrenmekde hem-de ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Munuň özi şöhratly taryhymyza bolan buýsanjymyzy has-da belende göterip, alymlary döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
Täze maksatnamanyň kabul edilmegi hem-de öňde duran wezipeler dogrusynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň guramagynda Gadymy Dehistan taryhy-medeni döwlet goraghanasynda ylmy-usulyýet maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda goraghananyň ajaýyp gymmatlyklarynyň biri bolan Juma metjidiniň ylmy taýdan dikeldilen peştagynyň tanyşdyrylyşy boldy we Gadymy Dehistan ýadygärlikler toplumyna girýän kerwensaraýda başlanan ilkinji arheologiki işleriň barşy barada söhbet edildi.