Döredijilikli işiň netijesi şowlulyga barýar. Biz muňa türkmen telekeçileriniň alyp barýan işlerini synlanymyzda-da aýdyň göz ýetirdik. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän sergide täze önümler bilen tanyşdyk.
Bu sergä azyk önümlerini öndürýän «Owadan ülke» hojalyk jemgyýeti şu ýyl çykan täze önümleri bilen öz pawilýonyny bezäpdir. «Maýonez», «Pomidor üwmeji», «Hozly Desert pastasy», «Hazyna» (mesge ýagy) söwda nyşanly täze önümler ýakyn geljekde türkmen halkynyň mukaddes saçagynyň naz-nygmaty bolmak bilen çäklenmän, daşary ýurtlularyň hem ösen isleginiň eýesi bolar. 2016-njy ýylda döredilen bu hojalyk jemgyýeti ilkinji gezek «Nur» haryt nyşany bilen önüm öndürip başlapdy.