«Franchi­se» holdingi sa­tyn al­mak bäs­le­şi­gi­ne go­şul­ýar

17 Aprel 2022
2041

«Wi­ta­min Shop­pe» we «Bud­dy's Ho­me Me­bel» ýa­ly bö­lek sa­tuw dü­kan­la­ryň eýe­si «Franchi­se» hol­dingi uni­wer­mag­lar top­lu­my­ny — «Kohl's» korporasiýasyny sa­tyn al­mak me­ýil­na­ma­sy­ny yg­lan et­di. «Franchi­se» her paý­na­ma ABŞ-nyň 69 dol­la­ry­ny tö­lär, ge­le­şi­giň umu­my ba­ha­sy bol­sa ABŞ-nyň, tak­my­nan, 9 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar bo­lar. Ýö­ne şeý­le-de bol­sa, «Franchi­se»-iň tek­li­bi iň ýo­ka­ry däl­dir. Gym­mat ba­ha­ly saý­la­ma ha­ryt­la­ry sat­ýan dü­kan­la­ryň ope­ra­to­ry «Hud­son's Bay» kom­pa­ni­ýa­sy «Kohl's»-yň her paý­na­ma­sy­na ABŞ-nyň 70 dol­la­ry­ny tö­le­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny aýd­ýar.

Ge­çen birža söw­da­laryn­da «Kohl's»-yň paý­na­ma­la­ry 5,35% ös­di we ABŞ-nyň 60,3 dollaryna ba­ra­bar bol­dy.

Tawus ALLANUROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar