Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününiň 14 ýyllygy mynasybetli, welaýat kitaphanasynda dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň, TSTP-niň welaýat komitetiniň bilelikde guran bu maslahatyna welaýatymyzyň dürli ýerlerinde iş alyp barýan telekeçilik kärhanalarynyň wekilleri, hususy telekeçiler gatnaşdylar.
Maslahatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary Maksud Töräýew, «Ynsan kalby» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Agamyrat Söýünow, telekeçi Döwletgeldi Durdyýew we beýlekiler çykyş edip. Garaşsyz ýurdumyzyň telekeçilik pudagyny ösdürmek barada amala aşyrylýan işler, telekeçileriň yhlasly zähmet çekmekleri üçin döredilýän şertler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Olardan görnüşi ýaly, şeýle mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak bilen, welaýatymyzyň telekeçileri giň gerimli işleri durmuşa geçirýärler. Häzirki wagtda welaýatymyzda telekeçilere degişli bolan önümçilik kärhanalarynyň, ýyladyşhanalaryň köp sanlysy hereket edip, ilatyň isleg bildirýän dürli görnüşli önümlerini öndürmekde oňat netijeleri gazanylýar. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna goşant goşmak babatynda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam berýär. Maslahatyň ahyrynda göreldeli telekeçileriň birnäçesine Hormat hatlary, sowgatlar gowşuryldy.