Köprüler söwda-ykdysady, syýasy hem-de medeni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda uly ähmiýete eýe. Şonuň üçin gadymy döwürlerde we orta asyrlarda dürli maksatly köprüler bina edilipdir. Şeýle köprüleriň birnäçesi orta asyrlarda Pendi sebitlerinde Murgap derýasyna guýýan derýajyklaryň üstünden gurlupdyr.
Taryhy ýazuw çeşmeleri XV asyrda Guşgy derýasynyň üstünden köpri gurlandygyny habar berýär. Onuň suw akar ýaly dokuz hanasy bolupdyr. Şol döwürlerde ol «Daşköpri» ýa-da «Tabanyň köprüsi» ady bilen hem tanalypdyr. Mälim bolşuna görä, Taban Teýmirleňiň 1383-nji ýylda wepat bolan serkerdesidir. Horasan eýelenenden soň Teýmirleň Horasanyň suwaryş desgalaryny dikeltmek bilen baglanyşykly käbir işleri geçiripdir we şonda Tabanyň ogly Omara Murgapdan gözbaş alyp gaýdýan ýap gazmagy buýrupdyr. M.Ý.Masson köpriniň Tabanyň özi ýa-da onuň ogly Omar tarapyndan gurlandygyny, şoňa görä-de, «Tabanyň köprüsi» diýlip atlandyrylan bolmagynyň mümkindigini belleýär.