Gündogar halklarynda Nowruz baýramy

18 Mart 2022
3454

Nowruz gadymy siwilizasiýanyň döreden we özleşdiren medeni däpleriniň biridir. Nowruzyň esasyny düzýän gündogaryň täze ýyl däp-dessurlary bolan semeni bişirmek ýa-da hasyllylyk bilen baglanyşykly ot we suw dessurlaryny öz içine alýan bu baýramçylyk häzirki Hytaýyň gündogarynda ýaşaýan salyr türkmenleriniň we oguz kowumy bolan uýgurlaryň arasynda giň meşhurlyga eýedir. Nowruz — bahar baýramy, ol gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan Ýakyn Gündogar, Merkezi we Orta Aziýa halklarynyň arasyndaky taryhy we medeni gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Hytaýyň gündogarynda (häzirki Sinzýan) köpden bäri dürli halklar ýaşap, olary medeni, dini, ykdysady we etnik gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Ýagny olar gadymdan gelýän eýran, sogdy we türki, şeýle-de hindi, günbataryň halklarydyr. Bu halklaryň asyrlaryň dowamynda garyşyk ýaşamagy maddy we ruhy medeniýetleriniň hem golaýlaşmagyna getiripdir. Salyr türkmenleri senenama baýramçylyklarynyň arasynda Nowruza aýratyn ähmiýet berýärler. Şeýle-de olaryň töwereginde goňşy bolup ýaşaýan halklaryň arasynda-da Nowruz iň esasy we şatlykly baýram hökmünde dabaralandyrylýar. Täze ýyl, aslynda, dünýäniň ähli halklary tarapyndan hem bellenilip geçilýär, ýöne ýerli senenama laýyklykda, käbir halklarda milli aýratynlygy bilen tapawutlandyrylýar. Ýagny bu baýram gadymy döwürlerden bäri täze ýylyň başlangyjy, oba hojalyk işlerine badalga berilmegi bilen baglydyr. Nowruz baharynyň gelmegi gündogarda tebigatyň janlanmagy bilen alamatlandyrylýar. Bahar baýramyny ýerli däbe görä bellemek taryhyň çuňlugyndan gözbaş alyp gaýtmak bilen, halklaryň köpüsine, şol sanda gadymy türki halklara hem mahsusdyr. Bu baýramçylyk däpleri Hytaýyň gündogarynda ýaşaýan türki halklara-da mahsusdyr.

X asyrda Hytaýyň gündogarynda türki halklara, ýagny Turfan we beýleki sebitlerine syýahat eden hytaýly syýahatçy Yang Wangen: «Oguz türkileri yslamlaşmazdan ozal hem Nowruzy belleýärler we bu baýramçylykda biri-birine bahar suwundan sepişýärler. Adamlar täze eşikleri geýip, başgaplaryny bahar gülleri bilen bezediler we aýdym-saz bilen hezil etdiler. Erkekler, zenanlar, garrylar, çagalar, ýaşlar obanyň daşynda, baýyrda ýygnandylar we gyzykly dabaralar bilen hezil etdiler» diýip belleýär. Şeýle-de XIX asyryň syýahatçylarynyň bellemegine görä, Hytaýyň gündogarynda ýaşaýan salyr türkmenleri we uýgurlar Nowruz baýramyny, adatça, şäheriň töwereginde ýörite bellenen ýerlerde, ýagny tebigy depelerde ýa-da dagyň eňňitlerini tekizläp, şonuň üstünde tagtaçalary gurap belläpdirler. Ol tagtaçalaryň üstünde, köplenç, sazandalar we şäher ilaty ýerleşdirilipdir. Nowruz baýramyny geçirmek häzirki güne çenli dowam etdirilipdir. Mysal üçin, Oguz türkileriň kowçum bolup ýaşaýan ýerleri bolan Hytaýyň gündogaryndaky häzirki Sinzýan welaýatynyň çäklerinde, ýagny Hotanda, Aksuwda, Turpanda, Kuldjada şähere golaý ýerde emeli edilen «Nowruz depesi» ýerleşipdir. Bu baýramçylygy şeýle bellemek adatynyň häzirki türkmenlerimizde hem Köpetdagy etekläp oturan Ahal ýaýlasynda gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilmegini şol medeniýetiň dowamy hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Bu medeniýet ähli oguz türki kowumyna hem mahsusdyr. Salyr türkmenleri we beýleki türki halklarda hem gyşyň sowulmagyny we baharyň şatlykly garşylanmagyny alamatlandyrýan şeýle adatlar bolupdyr. Olar Nowruzda baýramçylyk oýunlaryny, dürli sport ýaryşlaryny gurapdylar. Nowruz baýramynda ýerine ýetirilen däp-dessurlaryň arasynda gögeren bugdaýdan semeni tagamy taýýarlanylypdyr. Däp bolan semenini taýýarlamak üçin, bugdaý ösdürip ýetişdirmek gündogarda gadymy döwürlerden bäri belli bolupdyr. Gadymy ýazyjy Plutarhyň pikiriçe: «Midiýalylaryň arasynda galla, esasanam, bugdaý mukaddes hasaplanýar we Täze ýylyň başynda ondan mukaddes içgi hasaplanylýan omami taýýarlanylýar». Alymlaryň bellemegine görä, Nowruz üçin ýaş bugdaýdan semeni bişirmek däbiniň gadymy soma we haoma kultyna meňzedilmegi täsindir.

Serdar MAŞARYKOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar