Türkmen zenanlarynyň waspy taryhy çeşmelerden başlap, nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlarynda, aýdymçy-sazandalaryň owazlarynda, nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň döredýän eserlerinde çeperçilik bilen beýan edilýär.
Ýurdumyzyň taryhy ýerlerinden — Namazgadepeden, Garadepeden, Altyndepeden we günorta Türkmenistanyň ekerançylyk bilen meşgul bolan iň gadymy obalaryndan tapylan köpsanly zenan heýkelleri biziň eýýamymyzdan öňki IV-III müňýyllyklara degişlidir.