ABŞ-nyň «Hormel Foods» azyk korporasiýasy 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde ABŞ-nyň 240 million dollary möçberinde girdeji gazanandygy barada habar berdi. Hasabat döwrüniň söwdalary ABŞ-nyň 2,46 milliard dollaryndan ABŞ-nyň 3,04 milliard dollaryna çenli ýokarlandy. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, korporasiýanyň satuwlary ABŞ-nyň 2,92 milliard dollaryna, her paýnama düşýän paý peýdasy bolsa ABŞ-nyň 0,44 dollaryna deň bolmalydy. Korporasiýa 2022-nji ýylda her paýnama ABŞ-nyň 1,87 – 2,03 dollary möçberinde paý peýda gazanmagy meýilleşdirýär.