«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp, şol ýerde täze dünýä inen taýçanaga Zaman diýip at berip, onuň boýnuna mähriban käbesiniň ören alajasyny dakyp duran pursadyny gören her bir ynsanyň kalbyny nähili duýgularyň gaplap alandygyny, megerem, aýdyp oturmagyň hajaty bolmasa gerek. Öz mähriban käbesine uly hormat goýmaklygyň, çäksiz söýgi bilen guwanmagyň we buýsanmagyň aňryçäk nusgasyny görkezýän hormatly Prezidentimiz muny şol gün ýene-de bir gezek äşgär etdi.
Hawa, şondan soňra elime galam alanymy özümem duýmadym. Öňem mähriban Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny birnäçe sapar okap, onda eje hakda aýdylýan gürrüňlere, rowaýatlara kalbym, durkum bilen berlip, öz ýaşlygym hem-de mähriban ejemiň keşbi göz öňümde janlanýardy. Käbäm bize halal ýaşaýşy, zähmete ýüregiňden berilmegi, kitaby söýmegi ündäpdi. Ejemiň tamdyrda çörek bişirişi, çöreklerinden goňşulara paýlaýşy, çagalaryny mähir bilen söýşi, goňşy-golamlar bilen gatnaşygy, sähel bir ýeriň agyrdygy üstüňde kökenek bolup, daňyny atyryşy hakydalarymda janlanýar. Mähriban Arkadagymyzyň: «Enelere mahsus ähli zatda tükeniksiz uly mähir bar. Eneler öz mähri bilen öý-ojagyň abadanlygyny üpjün edýärler. Enelere hormat goýmak, ýagşylyga dowamat bermek, mukaddeslige tagzym etmekdir» diýen setirleri kalbyňa ganat bagladýar.