Meniň dostum Garagöz

30 Ýanwar 2022
3210

«7/24.tm», № 05 (88), 31.01.2022.

Meniň iň gowy dostum — Garagöz. Ony maňa atam sowgat berdi. Näme üçindiginem aýdaýynmy? Men bir gün okuwda 5 sapakdan hem 5-lik alyp geldim. Ana, şonda atam maňa «Islän zadyňy sowgat berjek» diýdi. Menem alabaý getirip bermegini soradym. Şondan soň atam çölde çopançylyk edýän goňşymyzdan alyp, alabaýyň güjügini getirdi. Men muňa diýseň begendim. Oňa «Garagöz» diýip, at goýdum.

Beýleki habarlar