Gadymy döwrüň alymlary Wasyň töwereklerini «müňläp şäheriň ýurdy» diýip ykrar edipdirler. Bu baradaky gadymy ýazgylar pompeý, troýa, hytaý çeşmelerinde saklanyp galypdyr. Elbetde, dünýä ýaň salan gadymy Köneürgenjiň taryhy hem Was giňişliklerinde ýaşan halkyň ykbaly bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Alymlaryň pikirine görä, «Was» sözi Amyderýanyň köne akymy bilen baglanyşykly bolupdyr. Derýalyk we Döwdan akymyndan Sarygamyş kölüne çenli aralygy tutýan giň, tekiz düzlük ýerlere gadymy Was diýlipdir. Şu aralykdaky şäherleri bolsa Was şäherleri diýip atlandyrypdyrlar.