«7/24.tm», № 02 (85), 10.01.2022.
«Ýaltalyk» hemmämiz üçin tanyş düşünje. Iň gynançly ýeri bolsa, ol biziň her birimizde bar. Onuň yzlaryna her gün her ýerde diýen ýaly gabat gelmek bolýar. Peýdasynyň ýokdugyny hemmämiz bilýärisem welin, näme üçin öz jylawymyzy aram-aram şu ýaltalygyň eline berýändigimize düşünemok.