ABŞ-nyň elektromobilleri öndürýän «Tesla» kompaniýasy 2021-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýä bazarynda 308 müňden gowrak ulag satdy. Şeýlelikde, bu babatda «Tesla» kompaniýasy ýene-de rekordyny täzeledi. Kompaniýa öňki rekord derejesini üçünji çärýekde 241,3 müňden gowrak elektrik ulagyny satanda gazanypdy. «Tesla»-nyň umumy söwdalary 2021-nji ýylda 936 müň awtoulaga barabar boldy, bu bolsa 2020-nji ýylda satylan 500 müňden gowrak awtoulag bilen deňeşdireniňde, takmynan, 87% köpdür.
Geçen hepdedäki birža söwdalarynda «Tesla»-nyň paýnamalary 6,35% gymmatlady.