«ReneSola» Gün energiýa kompaniýasy «Roth Capital» maýa goýum bankyndan oňyn teswirnama aldy. 2021-nji ýylyň dekabrynda «ReneSola» Ispaniýada 12 MWt Gün taslamasyny satdy. Şertnama şu ýylyň başynda tamamlanar. Bu ýurtda «ReneSola»-nyň umumy kuwwaty 300 MWt-dan gowrak bolan beýleki taslamalary hem bar. Maglumat üçin, Ispaniýa Gün energiýasy boýunça Ýewropada ikinji ýerde durýar. Ýurtda, takmynan, 4 GW Gün elektrik stansiýasy hereket edýär. Geçen hepdäniň birža söwdalarynda «ReneSola»-nyň her bir paýnamasy ABŞ-nyň 6,17 dollaryndan bahalandy.