Hyrydarly harytlar

4 Ýanwar 2022
1801

Aşgabat dokma toplumynyň abraýyny belende göterýän, ýylsaýyn öňe ilerleýän kärhananyň ýokary hilli önümleriniň meşhurlygyny äşgär edýän haryt nyşanlar bar, olar, esasan, «ADT», «Goza», «Wada» ýaly önümlerdir. Hemişe täzeçilligiň, gözelligiň gözleginde bolan toplumyň harytlarynyň arasynda «öý dokmasy» diýip atlandyrylýan önümler has agdyklyk edýär. Döwletimiziň döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, halkyň ösen islegini kanagatlandyrýan bu kärhanada, esasan, hojalyk harytlary — dürli ölçegli ýorgan-düşek daşy toplumlary, ululy-kiçili el çalgyçlary, saçak, hammam toplumlary we hojalykda zerur beýleki harytlaryň dürli görnüşleri öndürilip, halka ýetirilýär.

«Diňe ýokary hilli harytlar» diýen ýörelgä eýerilýän toplumda öndürilýän önümler döwrümize mahsus şekiller, nyşanlardyr nagyşlar bilen bezelýär. Bu bezegler harytlaryň gymmatyny, göze gelüwliligini has-da artdyrýar. Iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen toplumyň bölümlerinde yhlasly zähmet çekýän hünärmenler öndürýän önümleriniň her biriniň tikilişine, bezeglerine aýratyn üns berýärler. Olary bezeýän şekilleriň täze görnüşlerini oýlap tapýarlar. Tutanýerlilik, öňe ymtylmak, yhlasly zähmet çekmek hünärmenlere üstünlik getirýär. Bular dogrusynda toplumyň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Annajahan Illekowa şeýle gürrüň berýär:

Aýnabat DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar