Baýramçylyk saçagyna elin şöhlat

29 Dekabr 2021
1902

Ertir Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýene bir şanly ýylynyň iň ahyrky güni ― 31-nji dekabr. Diýmek, ertir agşam ähli öýlerde baýramçylyk desterhanlary giňden ýazylyp, üsti naz-u-nygmat bilen bezeler. Baýramçylyk berekedine welaýatymyzyň önüm öndürijileriniň hem goşant goşýandygyny ozal habar beripdik. Şolaryň hatarynda kerkili telekeçi Samandar Mustapakulow hem bar. Onuň ýolbaşçylygyndaky kärhanada indi alty ýyla golaý wagt bäri şöhlat taýýarlanylýar.

Baýramçylyk saçagy üçin azyk önümleri satyn alnanda, şöhlat sanawa ilkinji ýazylýan nygmatlaryň biri. Eýýäm ençeme ýyldan bäri bu datly et önüminiň öz ýurdumyzda öndürilmegi bahasynyň hem elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Samandar Mustapakulow hem 2016-njy ýyldan bäri bu bolçulyga goşant goşup gelýän hususyýetçileriň biri.

Agageldi JUMAGELDIÝEW.
Beýleki habarlar