Rowaýatlar — milli terbiýäniň gözli çeşmesi

27 Dekabr 2021
2077

Halkymyzyň ruhy hazynasynda hekaýatlardyr rowaýatlar mynasyp ornuny tapypdyr. Munuň düýp sebäbi ata-babalarymyzyň rowaýatdyr hekaýatlaryň mynasyp nesli terbiýelemekdäki ähmiýetine ençeme müňýyllyklary boýlaýan durmuş tejribesinde anyk göz ýetirendikleri bilen berk baglydyr. Ýaş nesle berilýän terbiýäniň hemmetaraplaýyn kämil bolmagy üçin ata-babalarymyz rowaýatlaryň, hekaýatlaryň mowzuk hem mazmun taýdan baý, täsirliligi taýdan ýiti bolmagynyň aladasyny edipdirler. Bu hakykat hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda has kämil derejede belentlige göterilýär. Gahryman Arkadagymyzyň kitabynda halkymyzyň il-ýurduna wepadarlygy we halkyň öňüne düşüp, döwleti dolandyran şahsyýetlere ak ýürekden gulluk edişiniň beýik nusgasyny beýan edýän rowaýatlar aňa hem kalba ýetirýän täsirliligi bilen biygtyýar ünsüňi özüne çekýär. Bu kitabyň bahasyna ýetip bolmajak ähmiýetiniň ýene bir tarapy islendik okyjyda söz sungatymyzyň terbiýeçilik babatyndan tapylgysyz halk döredijilik eserlerini halkyň hakyda hazynasyndan we bar bolan beýleki çeşmelerden gözlemek höwesini döredýänligindedir.

Nesil terbiýesinde bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti bolan halk döredijilik eserlerimizi dikeltmekde halypaçylyk nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen taryhyň gadymy gatlaklaryna siňip galan dürdäne eserlerimizi toplap, häzirki we geljekki neslimize ýetirmek maksadyny göz öňünde tutan ylmy ekspedisiýanyň çäginde gözlegde bolanymyzda, ruhy hazynamyzyň il içinde saklanyp galanlarynyň kändigine göz ýetirmäge mümkinçilik boldy.

Agamämmet ÝAZMYRADOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar